2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Lebap welaýaty

Türkmenabat şäheriniň görküne özüniň milli öwüşgini bilen aýratyn görk berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şol gün çäräniň geçýän ýeri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sadaka jaýy türkmeniň milliligini janlandyryp, uly ruhubelentlige beslendi.

Ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmek we ony geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Edepli hem çeper elli türkmen gözelleri» atly bäsleşigi-de şeýle mazmunly çäreleriň biridir. Golaýda bu bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirilip, ýeňijiler yglan edildi.

Türkmenabat şäheriniň görküne özüniň milli öwüşgini bilen aýratyn görk berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şol gün çäräniň geçýän ýeri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sadaka jaýy türkmeniň milliligini janlandyryp, uly ruhubelentlige beslendi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkeze Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň gurnamaklygynda “Ene-döwletlilik” atly bäsleşiginiň Köneürgenç şäher, etrap tapgyry geçirildi. Pagta egriji kärhanasynyň mejlisler eýwanynda geçirilen bu bäsleşige şäher we etrap zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda bäsleşige gatnaşýan zenanlar üç şert boýunça bäsleşdiler.

Öz akabasyny müň ýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, pederlerimiziň pähim-paýhasynda jemlenýän milli terbiýämiziň, asylly däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr.

Halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşine siňip gidýän milli mirasy bar. Uzak geçmişde-de ene-mamalarymyz göreniň gözüni dokundyrýan nepis halylary dokap, geýýän egin-eşiklerini, tahýalaryny owadan keşdeler bilen nagyşlap, bezäp, dünýä halklaryny haýran galdyrypdyrlar. Mahlasy, olar hut türkmene mahsus gaýtalanmajak gözelligi döredipdirler. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli mirasymyz, şol sanda gadymy keşdeçilik sungatymyz täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp ösdürilýär, dünýä ýaýylýar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm