«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyl-lygynyň baýram edilýän günlerinde ýurdumyzyň ýüpekçileri hem öz zähmet üstünliklerini baýram edýärler. Şeýle ýüpekçileriň biri hem Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Ogulsabyr Pygamowadyr. Ol ýaşy segsenden geçen hem bolsa, zähmet çekmegini dowam edip, ýylyň-ýylyna ýüpek gurçugyny idedýär. Ogulsabyr daýza ýaşlykdan pagta ýygyp, suw tutup, her ýyl ýüpek gurçugyny idedip, Watan harmanyna welaýatda ilkinji bolup, bol pile hasylyny tabşyryp gelýär.