2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Lebap welaýaty

Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň we jemgiýetçilik guramalaryň jogapkär wekilleri, iri edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, talyp ýaşlar we kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Ata Watanymyzda zenanlara goýulýan sylag-sarpa belentdir. Gahnrman Arkadagymyz mährem enelerimizi, gül ýüzli gelin-gyzlarymyzy beýik mertebe bilen arzylaýar. Olar baradaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýär. Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlaryň uly topan,Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady, «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Köp eagaly enelerimize ähli amatlylyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary berilýär, şeýle-de pul sowgatlary gowşurylýar. Mähir-muhabbete ýugrulan bu aladalan ň ählisi zenanlarymyzy diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynyň barşynda birnäçe halkara taslamalara badalga berildi. Olaryň arasynda Akina — Andhoý demir ýoly, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisi we «Malaý» gaz käninde açylan kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr gaz gysyjy desga bar. Dünýä ýaň salan bu taryhy wakalar halklaryň parahatçylygyna, birek-birege ynanyşmagyna gönükdirilip, ähli watandaşlarymyza uly şatlyk, buýsanç duýgularyny paýlady.
Şu mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynda hem halkymyzyň edimgylymlary, zenan edebi, ene mukaddesligi hakda söz açylýar. Şeýle hormata mynasyp zenanlar Watanymyza wepaly, edep-terbiýeli, görüm-göreldeli, sowatly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirýärler. Şonuň üçin her günümiz bagt nurundan dolup, kalplarymyzy hem durmuşymyzy has gözelleşdirýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek baradaky meselä aýratyn ahmiýet berilýär. Milli ýol-ýörelgelerimizi ýaşlaryň kalbyna. aňyna siňdirip. olary gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň mysalynda terbiýelemek mukaddes borçdur. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda welaýat maliýe we ykdysady ösüş müdirliginiň mejlisler zalynda «Arkadagly rowaç Watanda belentdir zenan sarpasy* diýen at bilen geçirilen maslahatda hem şol mukaddes borçdan ugur alyndy. Bu maslahata mährem eneler, welaýatymyzyň öňdebaryjy zenanlary.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde bilim, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm