2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Mary welaýaty

Bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzda gyz-gelinlerimiziň edep-ekramly bolmagy ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Olaryň edepli, ahlak taýdan arassa ýaş nesiller bolup kemala gelmegi ugrunda aladalanyp, mährem enelerimiziň, mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli guralýar. Şeýle çäreleriň biri ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda şol mekdebiň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Zenan edebiniň zynaty” ady bilen geçirildi. Çäräni H.

Golaýda Murgap etrabynyň medeniýet öýünde geçirilen maslahat «Bagtyýarlyk döwründe zenan mertebesi» diýlip atlandyryldy. Etrap zenanlar bölümi tarapyndan guralan maslahata etrabyň Birleşik geňeşliginiň zenanlary, etrabyň edara-kärhanalarynda işleýän TZB-niň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty etrap häkimliginiň durmuş-medeni ulgamy bölüminiň hünärmeni Gözel Muhammetdurdyýewa alyp bardy.

Ýakynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçe medeniýet öýünde etrap zenanlar bölüminiň guramagynda «Gelin-gyzlaryň arassa ahlaklylygy, maşgala terbiýesi we sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalaryndaky ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklarydyr işjeň agzalary we mährem eneler gatnaşdylar.

Golaýda Mary şäher zenanlar bölüminiň guramagynda Marynyň “Ýeňiş” tikin fabriginde “Edep bergidir, bermedige görgüdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şäher häkiminiň orunbasary, TZB-niň şäher bölüminiň başlygy Bahar Torumowa, şäher zenanlar bölüminiň işjeň agzalary welaýat merkezimiziň edara-kärhanalarynyň wekilleri hem-de “Ýeňiş” tikin fabriginiň gyz-gelinleri işjeň gatnaşdylar.

Daşoguz

 

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda «Döwrümiz gülleýär Arkadag bilen» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Ýakynda etrabymyzdaky 43-nji orta mekdepde orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda tertip-düzgüni, edepliligi, ekramlylygy, ahlaklylygy, arassalygy ündemek maksady bilen ­«Zenan mertebesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm