2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Mary welaýaty

2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň “Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr” diýen şygaryna esaslanyp, TZB-niň Merkezi geňeşi TKA-nyň Milli merkezi bilen bilelikde “Edepli hem çeper elli türkmen gözeli” atly bäsleşigi yglan etdi.

Lukman Arkadagymyz her bir raýatyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy barada gije-gündiz alada edýär. Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramaga, berkitmäge gönükdirilen uly işler alnyp barylýar. COVID-19 ýokanjynyň dünýäde ýaýrap başlan ilkinji günlerinden bu keseliň ýurdumyzyň çäklerine gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagynda öz wagtynda görlen netijeli öňüni alyş çäreleri Diýarymyzda adam saglygy hakynda aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini ýene-de bir gezek äşgär görkezdi.

Ynsan saglygy hiç hili gymmatlyk bilen ölçäp bolmaýan baýlykdyr. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy bilen halkyň saglygyny goramakda ägirt uly işlere badalga berilýär. Netijede, sanlyja ýyllaryň içinde täze hassahanalar, anyklaýyş merkezleri, saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hasaplanylýan ynsan saglygy hakynda alada hemişe ilkinji orunda durýar. Lukman Arkadagymyz her bir raýatyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy barada gije-gündiz alada edýär. Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramaga, berkitmäge gönükdirilen uly işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hem-de ýokary okuw jaýlarynda okaýan gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri her bir zenanyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär. Bular dogrusynda TDEI-niň mugallymlarydyr talyp gyzlary özleriniň ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzda gyz-gelinlerimiziň edep-ekramly bolmagy ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Olaryň edepli, ahlak taýdan arassa ýaş nesiller bolup kemala gelmegi ugrunda aladalanyp, mährem enelerimiziň, mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli guralýar. Şeýle çäreleriň biri ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda şol mekdebiň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Zenan edebiniň zynaty” ady bilen geçirildi. Çäräni H.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm