2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Mary welaýaty

Golaýda Murgap etrabynyň medeniýet öýünde geçirilen maslahat «Bagtyýarlyk döwründe zenan mertebesi» diýlip atlandyryldy. Etrap zenanlar bölümi tarapyndan guralan maslahata etrabyň Birleşik geňeşliginiň zenanlary, etrabyň edara-kärhanalarynda işleýän TZB-niň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty etrap häkimliginiň durmuş-medeni ulgamy bölüminiň hünärmeni Gözel Muhammetdurdyýewa alyp bardy.

Ýakynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçe medeniýet öýünde etrap zenanlar bölüminiň guramagynda «Gelin-gyzlaryň arassa ahlaklylygy, maşgala terbiýesi we sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalaryndaky ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklarydyr işjeň agzalary we mährem eneler gatnaşdylar.

Golaýda Mary şäher zenanlar bölüminiň guramagynda Marynyň “Ýeňiş” tikin fabriginde “Edep bergidir, bermedige görgüdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şäher häkiminiň orunbasary, TZB-niň şäher bölüminiň başlygy Bahar Torumowa, şäher zenanlar bölüminiň işjeň agzalary welaýat merkezimiziň edara-kärhanalarynyň wekilleri hem-de “Ýeňiş” tikin fabriginiň gyz-gelinleri işjeň gatnaşdylar.

Daşoguz

 

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda «Döwrümiz gülleýär Arkadag bilen» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Ýakynda etrabymyzdaky 43-nji orta mekdepde orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda tertip-düzgüni, edepliligi, ekramlylygy, ahlaklylygy, arassalygy ündemek maksady bilen ­«Zenan mertebesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak baradaky aladalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýy, şan-şöhraty, beýik ösüşleri her bir türkmenistanlyny buýsanmaga hakly edýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm