2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Mary welaýaty

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda däp-dessurlarymyzy ýaşlara öwretmek barada ençeme işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak, onuň inçe syrlaryny gelin-gyzlarymyza öwretmek maksady bilen zenanlar bölüminiň guramagy esasynda enelerimiziň el işleri babatyndaky çäreler dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň zähmeti uludyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlary ýokary ahlaklylyk, watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek mynasybetli Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginde ýerleşýän 20-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary we mugallymlary bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her ýylynda medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda, ony ýaşlarymyza öwretmekde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzyň arasynda birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Çünki, öz gözbaşyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň zähmeti uludyr.

Geçen hepdäniň çarşenbe güni welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Gurbangül Ataýewanyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Welaýat zenanlar bölümi tarapyndan guralan maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň işjeň zenanlary, kümüş saçly eneler we talyp gyzlar gatnaşdylar.

Golaýda welaýat häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginde bolan bu maslahat hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseriniň özbek dilinde neşir edilmegi bilen bagly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli dokmaçylaryň arasynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşik yglan edildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm