2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Mary welaýaty

Golaýda şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Mary» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen bu maslahata welaýatymyzyň dürli edara-kärhanalarynda, saglyk, bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler we talyp gyzlar gatnaşdylar.

SUNGATYŇ WASPÇYLARY
Paýtagtymyzda Türkmenistan — — rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşi bilen bilelikde ata-babalarymyzdan galan medeni, edebi gymmatlyklary tapmakda we ony ýaş neslimize wagyz-nesihat etmekde zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlaryna bagyşlanyp «Ýylyň iň göreldeli wagyzçy zenany» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, TKA-nyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, şeýle-de, welaýat häkimligidir welaýat zenanlar bölümi tarapyndan «Haly — halkymyzyň gözellik dessany» ady bilen Sakarçäge etrap medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birle­şiginiň Merkezi Geňeşiniň “In­çekesele garşy göreş çärelerine jemgyýetçilik guramalaryny we raýat toparlaryny çekmek” bo­ýunça bilelikdäki iş meýilnamasyna laýyklykda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde “Ynsan saglygy — ýurduň baý­lygy” ady bilen saglygy goramaga bagyşlanan çäre guraldy.

Güneşli Diýarymyzda zenanlaryň hukuklaryny we ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, edep-ekramlylygy, ahlaklylygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebinde zenanlaryň arasynda täsirli çäre geçirildi. “Zenan mertebesi — döwlet syýasaty” ady bilen dabaralandyrylan bu çäräni orta hünär okuw mekdebi şäher zenanlar geňeşi bilen bilelikde gurady. Ony orta hünär okuw mekdebiniň zenanlar guramasynyň başlygy Altyn Gaşlakowa alyp bardy.

Go­laý­da Ma­ry ne­bit­gaz or­ta hü­ när okuw mek­de­bi­niň mej­lis­ler zalyn­da “Gyz ede­bi tämiz­lik­dir” di­ýen at bi­len wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si ge­çi­rildi. Ze­nan ede­bi bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­rä­ni Ma­ry şä­her hä­kim­li­gi bi­len ne­bit­gaz or­ta hü­när okuw mek­debi­niň ze­nan­lar gu­ra­ma­sy bi­le­lik­de gu­ra­dy. Bu da­ba­ra mäh­rem ene­ler Al­tyn Mäm­me­do­wa, Oraz­bi­bi Bä­ şi­mo­wa, Sül­gün To­ru­mo­wa şeý­le hem mek­de­biň ta­lyp gyz­la­ry we zenan mu­gal­lym­la­ry gat­naş­dy­lar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm