2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Mary welaýaty

TMÝG-niň Mer­ke­zi Ge­ňeşi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, Türk­menis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gura­ma­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­miziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň çe­per el­li dok­ma­çy ge­lin-gyz­la­ry­nyň ara­syn­da “Dokma do­kar el­lerim” at­ly bäs­le­şik ge­çi­ril­di. We­la­ýat ýaş­lar ge­ňe­şi­niň mejlis­ler za­lyn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň we­la­ýat tap­gy­ry tu­ruw­baş­dan şow­hun­ly bo­lup, eli çe­per gyz-gelin­ler şert­le­riň 4-si bo­ýun­ça başar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler.

      Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat adalat bölüminiň, TDEI-niň bilelikde guramagynda Mary şäher häkimliginiň uly mejlisler zalynda ýygnanyşyk boldy. Oňa welaýat, etrap şäher jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, TDEI-niň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, welaýat adalat bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnanyşygy welaýat häkiminiň orunbasary Mährijemal Mämmedowa alyp bardy.

       Türk­me­nis­tan — ro­waç­lygyň Wa­ta­ny ýy­lyn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­laha­ty­nyň ikin­ji mej­li­sin­de hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ka­bul eden Ka­rar­la­ry­dyr çöz­güt­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek we gelin-gyz­la­ryň ara­syn­da mil­li­lik, edep-ekramlylyk ýaly hä­si­ýet­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nista­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň we­la­ýat bö­lü­mi ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te me­ýil­na­ma esa­syn­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si ge­çiril­di.

“Sag­dyn dur­muş ada­my be­ze­ýär, çünki, sag­lyk ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gymmat­lyk­dyr” diý­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ug­run­da be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Yn­san sag­lygy­ny go­ra­mak we ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça mas­la­hat­lar­dyr çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

Düýn we­la­ýat hä­kim­ligi­niň uly ýyg­nak­lar za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň şu ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ikin­ji mej­li­si­niň ka­bul eden ka­rar­la­ry­ny we çöz­güt­le­rini dur­mu­şa or­naş­dyr­mak hem-de giň­den wa­gyz etmek mak­sa­dy bi­len “Öň­de goý­lan ägirt uly we­zi­pe­leriň mak­sa­dy — eziz hal­kymy­zyň aba­dan­çy­ly­gy” at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda bu ýere gezelenç guraldy. Oňa Mary şäher zenanlar geňeşiniň işjeň agzalary, welaýat tebigaty goramak jemgyýetiniň hem-de kitaphana işgärleri gatnaşdylar. “Halkyň ruhy çyragy” ady bilen guralan gezelenje gatnaşanlar bu ýerde muzeý gymmatlyklaryndan, täsin tapyndylardan guralan sergä syn etdiler. Halkymyzyň şanly geçmişinden söz açýan gadymy hem milli gymmatlyklarymyz, olaryň arkama-arka dowam edip gelýändigi hakyndaky muzeýiň ylmy işgärleriniň beren gyzykly gürrüňleri ünsi çekiji boldy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm