2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Mary welaýaty

Wa­ta­ny­my­zyň ebe­di aba­dan­çy­ly­gy, hal­kymy­zyň bag­ty­ýar, eş­ret­li dur­mu­şy üçin nus­ga­lyk iş­ler ama­la aşy­ryl­ýan eziz Di­ýa­ry­myz uly to­ýa — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­lygynyň şan­ly baý­ra­my­ny giň­den toý­la­ma­ga taý­ýar­lanýar. Ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my­nyň şa­ny­na geçi­ril­ýän aý­dym-saz­ly çä­re­ler­dir mas­la­hat­lar wela­ýa­ty­my­zyň dur­mu­şy­ny gur­şap al­ýar. Şeý­le mas­la­hat­la­ryň bi­ri Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­dä­ki S. Türk­men­ba­şy adyn­da­ky şy­pa­ha­na­nyň mej­lis­ler za­lyn­da hem gu­ral­dy.

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, Mary we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bimiz­de hem Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni uly şow­hu­na beslen­di. Bu aja­ýyp baý­ram­çyly­gy bel­le­mek hem-de tä­ze okuw ýy­ly­na ga­dam bas­mak üçin ta­lyp ýaş­la­ryň en­çe­mesi mek­de­bi­mi­ziň how­lu­sy­na üýş­dü­ler. Ir sä­her bi­len baş­la­nan aý­ dym-saz­ly baý­ram­çy­lyk daba­ra­syn­da or­ta hü­när okuw mek­de­bi­mi­ziň di­rek­to­ry Aleksandr Ama­now öz gut­lag söz­le­ri bi­len çy­kyş et­di.

Baý­ra­ma­ly şä­he­ri­niň 6-njy or­ta mek­de­bi­niň mej­lis­ler za­lynda TDP-niň we­la­ýat, Baý­ra­ma­ly şä­her ko­mi­tet­le­ri, Türk­me­nis­tanyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň we­laýat bö­lü­mi bi­len bi­le­lik­de “Sagdyn jem­gy­ýet, sag­dyn maş­ga­la, edep-ter­bi­ýe, gö­rüm-gö­rel­de, ha­lal zäh­met — bag­ty­ýar durmu­şyň göz­ba­şy” ady bi­len wagyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­ny geçir­di­ler.

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň dünýä ýaň salan şanly wakasy — 12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň, dünýä syýasatçylarynyňdyr alymlarynyň, diplomatlaryňdyr ekologlaryň, işewürleriňdir bagtyýar ildeşlerimiziň gatnaşmagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýyny has-da artdyrdy. Milli Liderimiziň sebitde we dünýäde durnukly ösüşe ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.

Bu türkmeniň äleme meşhur milli senetleri sanardan köp. Enelerimiziň sünnäläp, senet derejesine ýetiren gadymy el hünärleriniň biride göli owadan halylarymyzdyr güli gözel keçelerimizdir. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden “Gü­ lüň owadan!” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry Mary topragynda belent ruhubelentlikde, aýdymsazly, hakyky toý ruhunda geçirilip, türkmeniň baý milli mirasynyň hormat-sarpasynyň belentdigini Diýarymyza ýaýdy.

Şeýle mowzukda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, wela- ýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Mary şäheriniň merkezindäki ajaýyp “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda giňişleýin maslahat geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm